Şu gün ajaýyp türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň 80 ýyllyk ýubileýi. Bu gün Türkmenistan özüniň ajaýyp şahyryny oňa mynasyp dabaralar bilen hatyralaýar.
Bary-ýogy 35 ýaşan şahyr türkmen edebiýaty üçin köp işledi bitirdi. Onuň öz ömri gysga bolsa-da, eserleri ýüreklerimizde hemişelik ýaşaýar.
Gurbannazar Ezizow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin obasynda mugallymyň maşgalasynda dünýä indi. Paýtagtymyzdaky 29-njy orta mekdepde okan şahyr soňra Magtymguly adyndaky TDU-nyň filologiýa fakultetine okuwa girdi. 29-njy Aşgabat orta mekdebinde okady we derrew Döwlet uniwersitetine filologiýa fakultetine girdi. Okuwyny tamamlap, biraz çagalar neşirýatynda işledi, 1965-nji ýylda bolsa goşun gullugyna gitdi.
Ol harby gullukdan dolanyp gelenden soňra, «Edebiýat we sungat» gazetiniň şygryýet bölüminde işledi. Şahyr 1975-nji ýylda pajygaly ýagdaýda aradan çykdy.