Arhiw

Balkan welaýatyndaky gül hojalygynda baýramçylyk üçin 100 müň gül ýetişdirilýär

13:4001.03.2020
0
6019

«Nurly meýdan» daýhan hojalygy Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýerleşýän gülhanasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli 100 müň güli ýetişdirmek meýilleşdirilýär diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Bu ýerde gelin-gyzlaryň baýramy üçin gülleriň «Fiýesta», «Penni Leýn», «Dolçe wita», «Jumiliýa», «Red Naomi» ýaly meşhur görnüşleri ýetişdirilýär. Olar baýramçylyk günlerinde gelin-gyzlar üçin ýakymly sowgat bolar.

Geçen ýyl bu ýyladyşhanada 600 müň düýbe golaý gül ösdürilip ýetişdirildi. Önümçiligi barha giňeltmek üçin bu ýerde ýene-de 11 müň inedördül metrlik täze ýyladyşhana hem gurulýar.

«Nurly meýdan» daýhan hojalygy golland güllerini ösdürip ýetişdirmeklige niýetlenendir. Bu ýerde suwaryş, dökünlemek, gerekli ýylylygy üpjün etmek, çyglylygy saklamak ýaly işler awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň