Soňky habarlar

Arhiw

«Şagadam» Türkiýede geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Belarusyň «Torpedo-BelAZ-yndan» ýeňildi

22:5525.02.2020
0
4994

Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýän «Şagadam» futbol topary bu ýerde üçünji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Kenarýaka şäheriň toparynyň bu gezekki garşydaşy Belarusyň «Torpedo-BelAZ» topary boldy. Duşuşyk garşydaş toparyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Şeýlelikde, «Şagadama» geçiren üç duşuşygynda hem ýeňiş gazanmak başartmady.

Ýeňiji topardan 31-nji minutda Ilýa Kuharçik, 86-njy minutda Dmitriý Ýusow tapawutlandy. Bu barada «Torpedo-BelAZ-yň» resmi saýtynda habar berilýär.

Mundan ozal «kenarlylar» Tblisiniň «Lokomotiwi» bilen 1:1 hasabynda deňlik bilen oýnap, Soligorskiniň «Şahtýoryndan» 0:5 hasabynda ýeňlipdiler. «Şagadam» Türkiýede ýene-de iki ýoldaşlyk duşuşygyny meýilleşdirýär. Indiki garşydaşlar Gazagystanyň «Kaspiý», Russiýanyň «Nefthimik» toparlary bolar.

«Şagadam» täze möwsümdäki ilkinji resmi duşuşygyny 7-nji martda «Aşgabat» bilen geçirer. Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2020-niň birinji tapgyrynyň çägindäki bu duşuşyk Türkmenbaşy şäherinde bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň