Top.Mail.Ru

Türkmenabatda döwrebap awtomenziliň gurluşygyna girişildi

11:0320.02.2020
0
20037

Türkmenabat şäheriniň ozalky howa menziliniň ýerleşen ýerinde täze awtomenziliň gurluşygyna badakga berildi. Mälim bolşy ýaly, gurluşygyna Türkmenistanyň dört welaýatynda bir wagtda girişilen awtomenzilleri «Muham met-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri gurar. Menziller 2022-nji ýyl da açylyp, ulanmaga berler.

«Türkmen gündogary» gazetiniň berýän maglumatlaryna görä, ähli welaýatlardaky awtomenziller birmeňzeş binagärçilik gurluşyna eýe bolar. Menziliň baş binasy iki gatdan ybarat bolup, awtoýuwalga, tehniki desga, awtobuslar, taksiler we beýleki ýeňil ulaglar üçin duralgalar goşmaça binalaryň hataryna girýär. Ýenede iki ýyldan ulanylmaga beriljek awtomenziliň ýolagçy binasy Türkmenistanyň Döwlet Tugrasyny alamatlandyrýan sekiz burçly ýyldyz görnüşinde bolar. Onuň üçeginiň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynda ýerleşdirilen Lebap welaýatyna degişli haly gölüne orun berler. Bina ýolagçylaryň 700-si üçin niýetlenendir. Şeýle hem onda 140 orunlyk garaşylýan zal, sowal-jogap nokady, lukmançylyk, eneler we çagalar, namaz otaglary, öýjükli we şäher telefon ulgamyny, poçtadyr internet kafe, töleg terminallaryny öz içine alýan aragatnaşyk nokady, demirýol we howa ulaglaryna, awtobuslara petek satmaga niýetlenen kassalar, wideogözegçilik we gorag enjamlaryny dolandyrýan otag, hojalyk maksatly otaglar, ýangyn howpsuzlygy we habar beriş (duý duryş) serişdeleri, kondisioner, howa çalşygy ulgamy, naharhana, dükanlar, kafe we söwda terminallary bolar.

Menziliň çägindäki awtoýuwalgada işleriň aglaba bölegi häzirki zaman ýuwujy enjamlaryň kömegi bilen awtomatlaşdyrylan görnüşinde alnyp barlar. Bu bolsa ulaglary ýuwmak işiniň has çalt hem-de ýokary hilli amala aşyrylmagyny üpjün eder. Menziliň çägindäki awtobus duralgasy awtobuslaryň 10-sy üçin niýetleniler. Olarda ulaglaryň giň aralykda öwrülip bilmegi, biri-birine päsgel bermezligi, dürli howa şertlerinde ygtybarly bassyrmanyň aşagynda durmagy üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutular. Onuň 10 awtobusa niýetlenilmegi bolsa geljekde Türkmenabatdan diňe Aşgabada, Kerkä ýa-da Mara däl, beýleki iri şäherlerimize hem ugurlaryň ýola goýuljakdygyny buşlaýar.

Taksiler we ýeňil awtoulaglar üçin duralgalar bolsa ulaglaryň 100-sine niýetleniler. Olar wideogözegçilik, şlagbaum we beýleki zerur gurluşlar bilen doly üpjün ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň