Günorta koreýaly hüjümçi şikes aldy.

18:2418.02.2020
0
8242

“Tottenhem” toparynyň Günorta koreýaly hüjümçisi Hyn Min-Son şikes aldy. Onuň azyndan 2-3 hepdeläp meýdança çykyp bilmejekdigi habar berildi. Sag elinde döwlen ýeriň bardygy anyklanan 27 ýaşly Son şu möwsümde 32 oýunda 16 gol geçirdi. Hyn Min-Son häzirlikçe ertirki “Leipsig” duşuşygynda hem-de şenbe güni oýnaljak “Çelsi” duşuşygynda meýdançada bolmaz. “Tottenhemde” ýanwar aýynda toparyň esasy ýyldyzlaryndan Harri Keýn hem 4 aýlyk şikes alypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň