Soňky habarlar

Arhiw

«Şagadam» Tbilisiniň «Lokomotiwi» bilen deňme-deň oýnady

12:5318.02.2020
0
4117

Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary ýoldaşlyk duşuşygynda Tbilisiniň «Lokomotiwi» bilen deňme-deň oýnady. Türkiýäniň Belek şäherçesinde geçirilen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy diýip, gruzin toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gruziýanyň Tbilisi şäherine wekilçilik edýän «Lokomotiw» futbol topary 1936-njy ýylda esaslandyryldy. Topar Gruziýanyň çempionatynda bir gezek kümüş medal gazandy, üç gezek ýurduň Kubogyna mynasyp boldy.

Täze möwsüme taýýarlygyň barşynda «Şagadam» daşary ýurt toparlarynyň ýene-de dördüsi bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny meýilleşdirýär. «Kenarlylaryň» indiki garşydaşlary Belarusyň «Şahtýor», «Torpedo-BelAZ», Gazagystanyň «Kaspiý», Russiýanyň «Neftehimik» toparlary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň