Sankt-Peterburgyň gubernatory türkmenistanly uruş weteranlary bilen duşuşdy

23:0213.02.2020
0
7311

Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde 1941 ― 1945-nji ýyllaryň urşunda Leningrady halas etmäge gatnaşan aşgabatlylar bilen duşuşdy. Bu barada Sankt-Peterburgyň dolandyryşynyň metbugat gullugy habar berýär.

«Aşgabatdan müňlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän Leningrady duşmandan halas etmäge gatnaşan her bir adam biziň ýüregimizde baky ýaşaýar» diýip, gubernator uruş weteranlary bilen bolan duşuşykda aýtdy.

Şeýle hem ol paýtagtyň ýaşaýjylary Mariýa Awanesowany, Olga Dronowany we Galina Mämmedowany «Leningradyň faşistik basybalyjylardan azat edilmeginiň 75 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglady. Şeýle hem gubernator olary 9-njy maýda Sankt-Peterburgda boljak dabaralara çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň