Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamamedow Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellenildi

22:4707.02.2020
0
88277

7-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini döretmek hakyndaky Permana gol çekdi ― diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine S.Berdimuhamedowy belläp, ony Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutany S.Berdimuhamedowa ýüzlenip, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur serişdeler bilen üpjün etmek üçin gurluşyk materiallary pudagynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän dürli görnüşli önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Bu wezipäni çözmegi işläp gelýän kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmegiň we täze zawodlary işe girizmegiň hasabyna üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, 2020-nji ýylda täze kärhanalary gurmagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti bu maksatnama serediljekdigini we zerurlygyna görä tassyklanyljakdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň