Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» Türkiýedäki ýoldaşlyk duşuşygynda «Akademiýa Pandew» bilen deňme-deň oýnady

21:0406.02.2020
0
4283

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary Türkiýede geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Demirgazyk Makedoniýanyň «Akademiýa Pandew» topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. Bu barada «Akademiýa Pandewiň» metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri 3-nji fewralda Mladost bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda 0:1 hasabynda asgyn gelipdi. «Aragatnaşykçylaryň» bu ýerdäki üçünji garşydaşy 9-njy fewralda Russiýanyň «Baltika» topary bolar.

«Altyn asyr» Türkiýede Türkmenistanyň çempionatynyň we AFK-nyň kubogynyň täze möwsümine taýýarlanýar. Topar yklym ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny 10-njy martda myhmançylykda Gyrgyzystanyň çempiony «Dordoý» bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň