Türkmenistanyň ýygyndysynyň iki futbolçysy Malaýziýanyň toparynda türgenleşýär

21:0902.02.2020
0
10078

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň iki futbolçysy ― Serdar Geldiýew we Şöhrat Söýünow şu günler Malaýziýanyň PDRM futbol toparynda türgenleşýär. Bu barada «Türkmen sporty» habar berýär.

PDRM futbol topary Kuala-Lumpur şäherinde ýerleşýär. Topar 2019-njy ýylda ýurduň ikinji derejeli çempionatynda dördünji orny eýeledi we saýlama duşuşyklaryň netijesinde Superligada çykyş etmäge hukuk gazandy. Malaýziýanyň çempionatynyň täze möwsümine 28-nji fewralda badalga berler.

Geçen möwsümde ýarym goragçy Serdar Geldiýew «Altyn asyrda», goragçy Şöhrat Söýünow bolsa «Ahalda» çykyş etdi. Olar milli ýygyndyda, degişlilikde, 24 we 32 duşuşyk geçirdiler.

PDRM ýakyn günlerde bu futbolçylar bilen şertnama baglaşyp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň