Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» «Mladost» we «Baltika» bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer

01:4201.02.2020
0
5328

Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr» futbol topary täze möwsüme taýýarlyklaryny Türkiýe Respublikasynda dowam etdirýär. Bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde «Altyn asyryň» garşydaşlarynyň ikisi mälim.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri 2-nji fewralda Bosnýa we Gergegowinanyň «Mladost» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. 9-njy fewralda bolsa «aragatnaşykçylar» Kaliningradyň «Baltikasy» bilen duşuşarlar. 

Türkmenistanyň çempiony hökmünde «Altyn asyr» AFK-nyň kubogy ― 2020-niň toparçalaýyn tapgyrynda ýaryşar. Onuň garşydaşlarynyň ikisi mälim. Olar Gyrgyzystandan «Dordoý», Täjigistandan «Istikloldyr». Toparçanyň dördünji wekili saýlama tapgyrdan geler.

«Altyn asyr» AFK-nyň kubogynyň täze möwsümindäki ilkinji duşuşygyny 10-njy martda myhmançylykda «Dordoý» bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň