Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça iş maslahatyny geçirdi

23:2530.01.2020
0
15852

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, paýtagtyň we welaýatlaryň häkimleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Iş maslahatynyň Gün tertibine arassaçylyk ýagdaýyny saklamak, keselleriň öňüni almaga hem-de ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen anyk çäreleri işläp taýýarlamak meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, ýüze çykýan ýokanç keselleriň, dümewiň ýaýramagyna gözegçilik boýunça maksatnamany işläp taýýarlamaga degişli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny pugtalandyrmak boýunça işiň, ilkinji nobatda, döwletimiziň durmuş syýasatyna, kanunçylyk üpjünçiligine, lukmançylyk hyzmaty ulgamyny kämilleşdirmäge, ekologiýa baradaky alada, her birimiziň aňymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini, ruhy we ahlak gymmatlyklaryny berkarar etmäge esaslanýandygyny nygtady. Bu  wezipeleriň ählisiniň üstünlikli çözülmeginiň, ilki bilen degişli jemgyýetçilik pikirini kemala getirmäge baglydygyny aýtdy. Şoňa görä-de, halkyň saglygyny berkitmegiň döwrebap strategiýasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleriň hatarynda wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işleri möhüm orun eýeleýär.

Häzirki wagtda adamlaryň saglygyny goramak döwletiň durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi milletiň we her bir adamyň durmuşynyň anyk ýagdaýydyr.

Döwlet Baştutany şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde arassaçylyk we gigiýena düzgünleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini gazanmak maksady bilen, düşündiriş hem-de wagyz-nesihat işlerini mundan beýläk hem dowam etmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de giň gerimli we maksadalaýyk işleriň geçirilmegi netijesinde ýurtda howply ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak babatda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň