Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy (U-19) CAFA - 2020-ni bürünç medal bilen tamamladylar

23:0929.01.2020
0
7960

Tejribeli hünärmen Kamil Mingazowyň baş tälimçiligindäki Türkmenistanyň futzal boýunça 19 ýaşa çenli zenanlar ýygyndysy sebit ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy. Ýaşlar ýygyndymyz Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy tarapyndan geçirilen halkara ýaryşda güýçli garşydaşlaryň birnäçesinden rüstem gelip, üçünji orny eýeledi.

Türkmenistanly futzalçylar sebit ýaryşynda bäş duşuşyk geçirip, şolaryň üçüsinde ýeňiş gazandylar. Has takygy, ýer eýeleri bilen geçirilen duşuşyk 3:2, gyrgyz futzalçylary bilen bolan duşuşyk 2:1, Owganystanyň wekilleri bilen duşuşyk 9:0 hasabynda biziň ildeşlerimiziň peýdasyna tamamlandy. Türkmenistanly gyzlar eýranly we özbegistanly garşydaşlaryndan asgyn geldiler. 

«CAFA U-19 Girl's Futsal Championship 2020» Eýranyň ýaşlar ýygyndysynyň çempionlygy bilen tamamlandy. Olar bäş duşuşykda mümkin bolan utuklaryň ählisini ýygnap, ýaryşy 15 utuk bilen tamamladylar. Diňe çempion bilen bolan duşuşykda ýeňlen özbegistanly gyzlar ikinji orny eýelediler. Sebit çempionatynda jemi 15 duşuşyk geçirildi.

Ýaryşyň iň arassa oýun üçin goýlan baýragyna-da («Fair Play») Türkmenistanyň ýygyndysynyň mynasyp bolandygy ýakymly ýagdaýdyr. Eýranly Rohaýe Someýýe iň netijeli, onuň watandaşy Maral Türkmen bolsa iň gowy futzalçy diýlip yglan edildi.

Sebit ýaryşyndaky bürünç medal ýurdumyzyň futzal boýunça zenanlar ýygyndylarynyň hem barha tejribe toplaýandygyny görkezýär. Türkmenistanly futzalçy gyzlara ýylyň dowamynda has jogapkärli ýaryşlar hem garaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň