Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Miras» teleradioýaýlymynyň ýolbaşçysyny çalyşdy

23:3028.01.2020
0
5508

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýramdurdyýew Guwanç Ýegenmyradowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Miras” teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Şeýle hem döwlet Baştutanynyň Karary bilen, Gülnara Muhammedowna Çaryýewa Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Miras” teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň medeniýet, sungat ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi bilen bagly geçiren i maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaýlymda milli gymmatlyklarymyzyň beýan ediliş hiline nägilelik bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň