24-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow döwlet Baştutanyna 3-nji fewralda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda geçiriljek «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Mälim bolşy ýaly, şunuň ýaly derejedäki duşuşyk sebitiň bäş döwletiniň hem-de ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň köptaraplaýyn usuly bolup durýar. Şonuň çäklerinde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy berkitmek, söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, daşky gurşawy hem-de ekologiýany goramak ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça tekliplere yzygiderli seredilýär.
Özbegistanyň paýtagtynda geçiriljek duşuşygyň gün tertibine ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler giriziler. Şolaryň hatarynda ykdysadyýet we energetika, terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, serhetüsti jenaýatçylyk hem-de adam söwdasy ýaly häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmak ýaly meseleler bar.
Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga, ony durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge, Merkezi Aziýanyň energetika, ulag we söwda ulgamlaryna birikdirmäge ýardam etmek boýunça tagallalary birleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar. Duşuşygyň jemleri boýunça bilelikdäki degişli resminamany kabul etmek meýilleşdirilýär.