Seljuklar imperiýasynyň gadymy paýtagty bolan Merw şäheri meşhur amerikan neşir «New York Post» gazeti tarapyndan düzülen antik dünýäniň iň syrly we taryhy merkezleriniň sanawyna girizildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Ady rowaýata öwrülen şeýle taryhy ýadygärlikleriň sanawynda Ýaponiýanyň harby gämini ýadyňa salýan Hasima adasy, Perunyň samandan gurlan desgalary bilen tanalýan Çan-Çan şäheri... ýaly dünýäniň iň gadymy sosial-ykdysady merkezleri bar.
Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmenleriň gadymy atababalarynyň ýaşan mekany bolan Seljuklar imperiýasynyň paýtagty dört müň ýylyň dowamynda tutuş Merkezi Aziýanyň ösen siwilizasiýalarynyň biri hökmünde bu sebitiň medeni taýdan galkynmagyna mynasyp goşant goşupdyr.
1999-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda görnükli orun alan «Gadymy Merw» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, baryp, XX asyryň ilkinji onýyllyklaryndan bäri dünýä syýahatçylarynyň we jahankeşdeleriniň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biri hasaplanýar.