Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynyň ýolbaşçylary bilen bolan iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer Ç.Purçekow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynyň öz wagtynda we üstünlikli gurulmagy, şeýle hem bu ulgamda beýleki halkara taslamalaryň mundan beýläk-de amala aşyrylmagy üçin Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligini döretmek baradaky teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti TOP taslamasynyň diňe sebit üçin däl, eýsem, tutuş dünýä üçin hem möhüm ähmiýetlidigini belläp, hödürlenen teklibi makullady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri M.Artykowyň ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmekde örän köp işleri edendigini, hususan-da, onuň Owganystanda iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly goşant goşandygyny, bu ugurda ägirt uly tejribe toplandygyny belläp, oňa ýene-de bir jogapkärli wezipäni ynanmak barada karara gelendigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti M.Artykowy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirliginiň ýolbaşçysy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutany M.Artykowa täze döredilen müdirligiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, onuň düzümine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu babatda tejribeli işgärleri saýlap alyp, ony çaltrak işe girizmegi tabşyrdy hem-de oňa öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.