Soňky habarlar

Arhiw

Artur Geworkýan bilen Amir Gurbany hem «Ahalda»

16:5221.01.2020
0
6703

2020-nji ýylda hem AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaryna goşulyp, taryhynda ilkinji gezek ýurdumyzyň çempiony bolmagy maksat edinýän «Ahal» futbol topary öz düzümini güýçlendirmegi dowam edýär. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň hemaýatkärligindäki toparyň «Instagramdaky» sahypasynda maglumat berlişi ýaly, «Ahalyň» Türkiýedäki türgenleşiklerine Artur Geworkýan bilen Amir Gurbany hem goşuldy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, täze baş tälimçi Hojaahmet Arazow Türkiýede 30 çemesi futbolçyny gözden geçirýär. Olaryň iň ukyplylaryna täze möwsümde «Ahalyň» üstünlikleri üçin göreşmäge mümkinçilik dörediler.

Biz ozal Myrat Ýagşyýew, Ilýa Tamurkin ýaly futbolçylaryň hem täze möwsümde «Ahala» goşandygyny habar beripdik.

Türkiýeden 31-nji ýanwarda dolanjak topar 5-nji we 12-nji fewralda Gyrgyzystanyň «Neftçisi» bilen AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryny geçirer. Bu jübütleriň ýeňijisi pleý-offda Täjigistanyň wise-çempiony «Hujand» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň