Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda russiýaly kosmonawt Ýuriý Baturin bilen duşuşyk geçirildi

13:2020.01.2020
0
7484

Golaýda paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebinde uçarman-kosmonawt, Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy, hukuk ylymlarynyň doktory, görnükli döwlet işgäri, syýasatşynas Ýuriý Mihaýlowiç Baturin bilen duşuşyk geçirildi.

«Türkmenistan» gazetinde ýazylyşy ýaly, duşuşyk dünýäniň 382-nji kosmonawtynyň ömür ýoluna we kosmonawtika ylmynyň häzirki ýagdaýyna hem-de geljekki mümkinçiliklerine bagyşlandy. Türkmen we rus halklarynyň dostlugynyň nyşany bolan bilelikdäki mekdepde geçirilen duşuşygyň çäklerinde Ýuriý Baturiniň şahsy suratlarynyň hem-de kitaplarynyň sergisi guraldy.

70 ýaşy arka atan tejribeli kosmonawtyň ýeňil bolmadyk ýolda — älem giňişligine aralaşmakda başdan geçiren wakalary, kosmonawtika ylmynyň döreýşi we ösüşi, bu ugurda «ilkinjiler» hakyndaky täsirli gürrüňleri mekdep okuwçylarynda aýratyn gyzyklanma döretdi. Ýuriý Mihaýlowiçiň arhiw suratlary we kosmonawtika ylmy boýunça ýazan ylmy-çeper edebiýatlary türkmen-rus mekdebiniň 2018-nji ýylyň güýzünde açylan «Watandaşlarymyz» atly muzeýine gymmatly ýadygärlik boldy. Şeýle hem Ýuriý Baturin öz kärdeşi, uçarmankosmonawt, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkonyň bu mekdebiň muzeýi üçin ýörite ýollan sowgatlaryny gowşurdy.

Ykbalyny älem giňişligi bilen baglan tejribeli uçarman-kosmonawtlaryň ýadygärlik sowgatlary bilelikdäki mekdebiň iki halkyň edermen ogullarynyň ömür we zähmet ýolundan söz açýan muzeýiniň ekspozisiýalarynyň üstüni ýetirdi.

«Rus kosmonawtlarynyň gündelik durmuşy», «Tükeniksizligiň hökümdarlary: kosmonawt käri we ykbaly hakynda» ýaly meşhur kitaplaryň awtory Ýuriý Baturin okuwçylaryň öňünde eden çykyşyny wideoşekiller bilen utgaşdyrdy. Kosmonawt nähili bolmaly, älem giňişligine aralaşjak hünärmen haýsy häsiýetleri özünde terbiýelemeli diýen sowallara jogap tapan okuwçylar, Ýuriý Mihaýlowiçiň kosmonawtika bilen bagly ykbaly, aýratyn ýatda galan wakalary we uçuş wagty döreýän adatdan daşary ýagdaýlar hakynda gyzykly maglumatlar bilen tanyşdylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň