Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli täze saýt açyldy

03:2520.01.2020
0
11852

«Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň saýty 19-njy ýanwardan 20-nji ýanwara geçilen gije internete goýberildi ― diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenilip düzülen 2020-nji ýylyň 11 ― 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli forumyň resmi ulgamy Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanyldy.

Täze saýtyň baý mazmuna eýe bolmagy üçin milletiň Lideriniň: «Biziň ýurdumyz Bitaraplygynyň şanly baýramyny dünýä bileleşigindäki dostlary we hyzmatdaşlary bilen bilelikde parahatçylyk we döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek esasynda giňden belleýär. Biz öz geljegimizi we öňümizde durýan wezipeleri aýdyň görýäris. Döwletimiziň saýlap alan we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen köpugurly syýasaty geljege uly ynam bilen garamaga bize doly mümkinçilik berýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap, parahatçylyk söýüji Türkmenistan Ýer ýüzünde asudalygy we howpsuzlygy berkitmek üçin geljekde hem ähli zerur işleri amala aşyrar. Adamzadyň ösüşine we öňe gitmegine öz mynasyp goşandyny goşar» diýen sözleri giriş sözi hökmünde alyndy.

Şu web-sahypada hem degişli görnüşleri dolduryp maslahata gatnaşmaga elektron görnüşde arza bermek bolýar we şahsy maglumatlar işlenilenden soňra onlaýn görnüşde hasaba aldyryp bolýar. Saýt www.neutrality.gov.tm salgy boýunça ýüzlenen her bir isleg bildirene halkara forum hem-de onuň iş maksatnamasy barada giňişleýin bilmäge, şeýle hem Türkmenistan, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ösüş strategiýasy hem-de ykdysadyýeti we durmuş ulgamyndaky üstünlikler barada umumy maglumatlary, şol sanda saglygy goraýyş, bilim we ylym ulgamyndaky gazanylanlar barada umumy maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

Täzeliklerden başga-da, ýurdumyzyň halkara durmuşyna degişli maglumatlary görkezýän fotosuratlar hem-de arhiw neşirleri bar. Ulanyjylar tarapyndan saýtda «şahsy otagy» açmak we ikitaraplaýyn aragatnaşyk mümkinçiligi göz öňünde tutulypdyr. Şolaryň kömegi bilen maslahatyň guramaçylyk toparyna elektron habarlary, soraglary, teklipleri, isleg-arzuwlary ibermek mümkin.

Täze internet sahypasynyň oňaýly gurluşy hem-de häzirki zaman bezegi ondan has ýönekeý, tiz we ulanyjylar üçin amatly ugur almaga ýagdaý döredýär.

Saýty döredijiler öňde boljak maslahatyň wakalaryna degişli çäklerden çykýan has giň many-mazmun bermäge çalyşdylar. Ýöne «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen ýylymyzyň esasy wakalary — ýurdumyzyň daşary syýasat derejesiniň çärýek asyrlyk şanly senesini baýram etmegiň çäreleri ýakynlaşyp geldigiçe saýtyň işleri giňelip, peýdaly hyzmatlar bilen üsti ýetiriler, öz maglumatlarynyň, tiz taýýarlanylan reportažlaryň, fotosuratlaryň hem-de wideoýazgylaryň gaznalarynyň gerimi giňär.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Bitaraplygyň şanly senesi mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň we dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň