Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» täze möwsüme taýýarlygy Antalýada alyp barýar

00:1017.01.2020
0
7001

AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyrynyň çäginde 5-nji we 12-nji fewralda Gyrgyzystanyň «Neftçi» topary bilen duşuşjak «Ahal» türgenleşiklerini Türkiýäniň Antalýa şäherinde dowam edýär. «Turkmen sporty» saýtynyň habar bermegine görä, toparyň täze baş tälimçisi Hojaahmet Arazow Türkiýedäki türgenleşiklerde 30-a golaý futbolçyny gözden geçirer. «Ahalyň» Antalýadaky türgenleşikleri 31-nji ýanwara çenli dowam eder.

Baş tälimçi Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna şu futbolçylary çagyrdy: Gurban Annaýew, Gurbanguly Aşyrow, Azady Annadurdyýew, Wezirgeldi Ylýasow, Batyr Babaýew, Mirza Beknazarow, Yhlas Saparmämmedow, Pirmyrat Sultanow, Didar Durdyýew, Hoşgeldi Hojowow, Guwanç Abylow, Abdy Bäşimow, Öwezmyrat Öwezmyradow, Muhammetkuli Kulyýew, Myrat Hamraýew, Döwran Orazalyýew, Batyr Gaýlyýew, Şöhrat Söýünow, Serdar Annaorazow, Merdan Gurbanow, Ezizmämmet Orazmämmedow, Süleýman Derýaýew, Myrat Ýagşyýew, Güýçmyrat Annagulyýew, Söhbet Allanurow, Ilýa Tamurkin, Elman Tagaýew, Serdar Tukyýew we Azym Hallyýew.

Görnüşi ýaly toparyň düzüminde täze futbolçylar bar. Biz ozalky habarlarymyzda ozal «Altyn asyrda» oýnan Myrat Ýagşyýew bilen karýerasynyň aglaba bölegini «Merwde» geçiren Ilýa Tamurkiniň «Ahala» goşulandygyny habar beripdik. Ýokary sanawda bolsa başga-da birnäçe täze futbolçylaryň ady bar. Hususan-da, täze möwsümde toparyň täze baş tälimçi ― Hojaahmet Arazow bilen işleşjekdigini aýtmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň