«Ahal» Türkiýede Gazagystanyň «Irtyş» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

22:0616.01.2020
0
4153

Pawladoryň «Irtyşy» Türkiýede geçirjek ýoldaşlyk duşuşyklaryndaky garşydaşlaryny belli etdi. Toparyň ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyndaky garşydaşy Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» bolar. Bu duşuşyk 18-nji ýanwarda geçiriler diýip, toparyň resmi saýty habar berýär.

Geçen möwsümde «Irtyş» Gazagystanyň çempionatyny sekizinji basgançakda tamamlady. Bu toparyň düzüminde Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazowyň hem çykyş edýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň