Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň olimpiýa futbol ýygyndysy (U-23) Aziýa çempionatynyň çärýek finalyna çykdy

15:3816.01.2020
0
5942

Özbegistanyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndysy Aziýa çempionatynyň (U-23) üçünji tapgyrynda Koreýa Respublikasynyň ýygyndysyndan 1:2 hasabynda asgyn geldi.

Şol gün geçirilen beýleki bir duşuşykda Eýran Hytaýy 1:0 hasabynda ýeňdi. Ýygyndylaryň ikisiniň hem 4 utuk toplandygyna garamazdan, özbek futbolçylary geçiren gollarynyň sany boýunça eýranlylary yzda galdyryp, toparçada ikinji orny eýeledi. Koreýa Respublikasy bolsa mümkin bolan 9 utugyň ýekejesini hem ýitirmedi.

Koreýa Respublikasynyň we Özbegistanyň ýygyndylary çärýek finalda «D» toparçanyň iň güýçli iki wekili bilen duşuşarlar. Bu toparçada häzir BAE-niň, Iordaniýanyň we Wýetnamyň ýygyndylary çärýek finala çykmak üçin göreş alyp barýarlar. Çärýek final duşuşyklary 19-njy ýanwarda geçiriler.

23 ýaşa çenli futbolçylaryň arasyndaky Aziýa çempionatyna 8-nji ýanwarda badalga berildi. Yklym çempionaty Tailandda geçirilýär. Onuň ýeňijilerine Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda Aziýa yklymyna wekilçilik etmek mümkinçiligi garaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň