Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol toparlarynyň Özbegistanyň Liga kubogyna gatnaşmagy mümkin

17:1415.01.2020
0
5976

«2019-njy ýylda esaslandyrylan Özbegistanyň Liga kubogy goňşy döwletleriň toparlary üçin hem açyk» diýip, «Championat.asianyň» habarynda aýdylýar. Özbegistanyň Futbol assosiýasy tarapyndan eýýäm Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Futbol federasiýalaryna hat ugradyldy. Şeýle mazmunly hatlary Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň federasiýalaryna hem ugratmak göz öňünde tutulýar.

Özbegistanyň Profesional Futbol ligasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Diýar Imamhujaýewiň «Telegramdaky» şahsy hasabynda ýazyşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletinde birnäçe ýyldan bäri halkara duşuşyklaryndan çetde galan klublar bar. Eger Liga kubogyna goňşy döwletleriň toparlary hem goşulsa, bu ýagdaý halkara tejribäni bilelikde ösdürmäge ýardam ederdi.

Şol bir wagtda Özbegistanyň Futbol assosiasiýasy bu halkara ýaryşdan geljek girdejileri hem goňşy döwletler bilen deň mukdarda paýlaşmaga taýýar. Özbegistan şu teklip bilen CAFA hem ýüz tutmagy meýilleşdirýär.

Özbegistanyň Liga kubogy 2019-njy ýylyň baharynda esaslandyrylan ýaryşdyr. Ýaryşa geçen ýyl Özbegistanyň Superligasyndan 14, Pro ligasyndan 2 topar gatnaşdy. Assosiasiýa 2020-nji ýylda ýaryşa isleg bildiren islendik özbek toparynyň gatnaşyp biljekdigini aýdýar. Eger Täjigistan we Gyrgyzystandan oňyn jogap gelse, ýaryşda bu döwletleriň hem toparlaryny görüp bileris. Belki, ýakyn geljekde Özbegistanyň Liga kubogy türkmen toparlary üçin hem halkara tejribäni artdyrmagyň mekdebine öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň