Futbol, TÝL ― 2020: «Ahal» bilen «Aşgabat» ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

14:3213.01.2020
0
4348

«Ahal» we «Aşgabat» futbol toparlary gyşky taýýarlyk işleriniň çäginde özara ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler.

Duşuşyk «Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň ýanaşyk meýdanlarynyň birinde geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýoldaşlyk duşuşygy 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Duşuşykda «Ahalyň» pökgüleri toparyň düzümine täze goşulan futbolçylar Myrat Ýagşyýew bilen Ilýa Tamurkin geçirdi.

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň toparynyň 5-nji we 12-nji fewralda AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Gyrgyzystanyň «Nebitçi» topary bilen duşuşjakdygyny ýatladýarys. Bu jübütleriň ýeňijisi Täjigistanyň çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi «Hujand» bilen hem saýlama duşuşyklary geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň