Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisi geçirildi

01:0011.01.2020
0
12369

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy ― diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň dowamynda:

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow maliýe, ykdysady we bank ulgamlarynyň işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de «Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny» amala aşyrmagyň barşy;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara topary döretmek hakyndaky» Kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda pudagyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bölek söwdada harytlary sanly ulgamyň üsti bilen satmagy düzgünleşdirmek boýunça geçirilýän işler;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we sanly ulgama geçirmek boýunça amala aşyrylýan strategik özgertmeler babatda intellektual ulgamlara we iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglylykda, ylym we bilim ulgamlarynda alnyp barylýan işler;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa halkymyzyň medeni mirasyny wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň şu ýyl halkara konwensiýalara we beýleki namalara goşulmagy boýunça teklipler;

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem ol Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, Hökümetiň agzalarynyň ünsüni birnäçe möhüm wezipelere çekdi. Olar Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek çärelere taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti we sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça esasy wezipelerdir.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi hem-de şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň