Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topar döredildi

23:3810.01.2020
0
10732

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topar döredildi we bu toparyň düzümi hem-de topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň