Arhiw

Žurnalistler üçin Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň akreditasiýasy başlandy

14:5808.01.2020
0
15016

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy öz resmi saýtynda 26-njy fewral ― 8-nji mart aralygynda Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionaty üçin akreditasiýanyň başlanandygyny habar berdi. Şu gezekki akreditasiýa işi Aşgabatda ozal geçirilen halkara ýaryşlardan üýtgeşik bolar.

Has takygy, çempionatyň dowamynda ony metbugatda beýan etmäge gatnaşjak žurnalist özüni AFK-nyň resmi saýtynda akreditasiýa etdirmeli bolar. TFF-niň saýtynda ýazylyşy ýaly: «Akredetasiýa bolmak işi şahsy ýagdaýda amala aşyrylýar». Şunda  Aziýa çempionatyna gatnaşýan milli ýygyndylarynyň wekillerine artykmaçlyk berilmeýär. Habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hersi akredetasiýany özi geçmegi hökmanydyr.

Akreditasiýa geçmegiň iň soňky möhleti 2020-nji ýylyň 4-nji fewraly.

Bu iri halkara ýaryşyny şöhlelendirmekçi bolýan habar beriş serişdeleriniň wekilleri AFC Media Channel onlaýn ulgamyna registrasiýa bolup, akreditasiýa üçin haýyşnama ibermeli. AFK-nyň mediakanalyna girmek üçin rugsatnama almak üçin aşakdaky görkezilen ssylkadan geçmeli (https://media.the-afc.com).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň