Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe Horwatiýanyň «Sportske novosti» neşirine beren interwýusynda geçen dokuz aýyň dowamynda Türkmenistanda dil babatynda özi üçin dil babatynda uly kynçylyklaryň bolmandygyny aýtdy. Çünki türkmenistanlylar türkmen dilinden başga-da, rus we iňlis dillerini hem gowy bilýärler.
— Ilkinji günlerden başlap, men terjimeçisiz düşünişmäge çalyşdym. Bu kyn boldy, ýöne men rus diline kämilleşdim. Hatda, metbugat maslahatlarynda hem pikirlerimi rus dilinde beýan etmäge çalyşdym. Käbir düşündirmesi kyn jümlelerde bolsa iňlis dilinden hem peýdalandym. Adamlar bilen dükanda, köçede ýa-da futbol adalgalary bilen bagly meselelerde käbir kynçylyklar ýüze çykýar. Ýöne men geçen dokuz aýyň içinde rus dilini özleşdirdim diýip bilerin.