Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti 2020-nji ýyldaky ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:5806.01.2020
0
13683

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisde paýtagtymyzda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşyna garalyp, ýerine ýetirilmeli ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň talabalaýyk ýyladylyşy, ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty ulag we pyýada geçelgesiniň gurluşygyna taýýarlyk görlüşine ünsi çekdi. Şunda şol ýerasty geçelgäniň ýokarsyndaky aýlawly çatrykda guruljak bezeg sütünine uly üns berilmelidir.

Döwlet Baştutany şunuň bilen baglylykda, ýerasty ulag we pyýada geçelgesini gurmak üçin bäsleşik yglan etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu geçelge bellenilen wagtynda hem-de dünýädäki iň kämil gazanylanlar esasynda gurulmalydyr.

Şeýle hem ýurt Baştutany guramaçylyk meselelerine geçip, birnäçe resminamalara gol çekdi. Bular barada «Turkmenportalyň» aýratyn habarynda aýdylýar.

Welaýat häkimleri ýerlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berip, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de ekiş möwsümini üstünlikli geçirmäge gönükdirilen çäreler barada aýtdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ekerançylyk we maldarçylyk hojalyklarynda geçirilýän ähli işleriň döwrüň talaplaryna kybap gelmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri welaýat häkimlerine birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany sözüni dowam edip, geçen ýyl welaýatyň käbir etraplarynyň Oba milli maksatnamasy boýunça tabşyryklary ýerine ýetirip bilmändiklerine ünsi çekdi. Guramaçylyk meseleleriniň çäginde etraplaryň birnnäçesiniň häkimlerini we olaryň orunbasarlaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak baradaky meselelere seredildi.

Milletiň Lideri häkimlere sebitlerde ýerine ýetirilmeli işler barada birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da, gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine çenli doly taýýarlamaly, ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm we tekizlemek işlerini bellenen möhletlerde hem-de talabalaýyk geçirmeli.

Mundan başga-da, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri bellenen agrotehniki möhletde geçirilmelidir, bugdaýa ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmeli diýip, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, welaýatyň täze, döwrebap dolandyryş merkeziniň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milletiň Lideri welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak barada görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň oba hojalyk meýdanlaryndaky möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça agrotehniki çäreler dowam edýär, şol sanda ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş üçin niýetlenen ýerlerde şüdügär sürümi hem-de tekizleýiş işleri geçirilýär. Şular bilen birlikde, gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň we pagtanyň hasyllylygyny artdyrmagy, sürümli ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmagy, şol ýerleri ekiş üçin suw bilen üpjün etmegi pudagyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Şol wezipeler Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oba özgertmeleriniň möhüm ugurlary bolup durýar.

Döwlet Baştutany wise-premýere ähli möwsümleýin oba hojalyk işlerini amatly möhletlerde geçirmegi tabşyrdy. Obasenagat toplumynyň ekerançylyk ulgamyna agrotehnikanyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga degişli anyk tabşyryklar hem berildi.

Milletiň Lideri şu gün oba hojalyk pudagy bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine seredilendigini belledi. Pudakda öňde durýan möhüm wezipeleri çözmekde ýylyň başyndan yhlasly zähmet çekmek gerek. Şonuň üçin hem täze güýç bilen kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde tagallalary gaýgyrman işlemek möhümdir diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň