Arhiw

Täjigistanyň futzal ýygyndysy Aziýa çempionatyndan ozal Tailandda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

23:4904.01.2020
0
3634

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň Aziýa çempionaty ― 2020-däki topardaşlaryndan Täjigistanyň ýygyndysy taýýarlyk işleriniň çäginde Tailandda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar. Şol sanda täjik futzalçylary Saud Arabystanynyň we Kuweýtiň ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirerler.

Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, serbiýaly hünärmen Deýan Dedowiçiň şägirtleri 2 ― 8-nji fewral aralygynda Tailandyň Hatýaý şäherinde geçiriljek «SAT International Futsal Championship 2020» atly halkara ýaryşa gatnaşar. Ýaryşa täjik futzalçylaryndan başga-da bäş ýygyndy gatnaşýar.

Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda ýygyndylar iki toparça bölüşer. Her toparçadan çykan iki ýygyndy ýaryşyň ilkinji üç orny üçin göreşer.

Tailanddaky ýaryşdan soňra täjik ýygyndysy Saud Arabystanynyň Dammam şäherine sary ýola düşer. Bu ýerde 12-nji fewralda Saud Arabystanynyň, ertirligi Kuweýtiň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklary geçiriler.

Täjigistanyň futzal ýygyndysynyň Aşgabatdaky Aziýa çempionatynda türkmen futzalçylary bilen bir toparçada («A» toparça) ýaryşýandygyny ýatladýarys. Yklym çempionatynyň çägindäki Türkmenistan ― Täjigistan duşuşygy 28-nji fewralda meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň