Arhiw

Eldor Şomurodow ― Özbegistanda ýylyň oýunçysy

23:1225.12.2019
0
4937

Russiýanyň «Rostowynyň» özbegistanly hüjümçisi Eldor Şomurodow Watanynda «Ýylyň iň gowy futbolçysy» diýlip yglan edildi. Bu barada «Championat.asia» habar berýär.

Deslapky ses berlişigiň netijesinde esasy üçlük hökmünde Odil Ahmedow («Şanhaý SIPG»), Eldor Şomurodow («Rostow») we Jaloliddin Maşaripow («Pahtakor») görkezildi. Jemleýji ses berlişigiň netijesi bolsa Eldor Şomurodow boldy. Ýeňijä ýörite baýrak Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Abdusalam Azizow tarapyndan gowşuryldy. Bu baýrak Şomurowyň karýerasyndaky ilkinji şahsy baýrakdyr.

24 ýaşly futbolçy «Rostowyň» düzümine 2017-nji ýylda goşuldy. Şu möwsümde ol topary bilen 19 duşuşga gatnaşyp, şolarda 10 gezek tapawutlandy, 5 goluň bolsa pasyny berdi. Futbolçy şu ýyl Özbegistanyň milli ýygyndysynyň hatarynda 13 duşuşykda 13 gezek tapawutlandy. Özbek ýygyndysynyň Aziýa kubogy ― 2019-da Türkmenistanyň ýygyndysy bilen bir toparçada ýaryşandygyny ýatladýarys.

Eldor Şomurodowyň häzirki transfer bahasy 6,5 million ýewro deň. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň