Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysyna ilkinji gezek Ispaniýada çykyş edýän futbolçylar çagyryldy

15:0323.12.2019
0
13771

Türkmenistanyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndysynyň tälimçiler düzümi Kataryň ýygyndysy bilen boljak ýoldaşlyk duşuşygy ýygynda çagyrylan futbolçylaryň sanawyny yglan etdiler.

Sanawda «Ýupeter Leonesiň» 19 ýaşly merkezi ýarym goragçysy Orazmyrat Ataýew bilen «Arandinanyň» 21 ýaşly çep gyraky oýunçysy Şirali Ibragimowyň hem atlary bar. Bu futbolçylar ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysyna ilkinji gezek çagyryldylar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, sanawda 22 futbolçy bar.

«Ýupiter Leones» we «Arandina» Ispaniýanyň çempionatynyň dördünji dwizionynda ýaryşýar. Bu dwizion «Tersera» diýlip atlandyrylýar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň