Türkmenistanly hokkeýçi türgen Nowruz Baýhanow Ýetginjekleriň III Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar. Bu abraýly ýaryş 2020-nji ýylyň 9-22 ýanwarynda Lozannada (Şweýsariýa) geçer. Şeýle ýaryşlara türkmen türgenleriniň ilkinji gezek gatnaşýandygy bellärliklidir.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, milli ýygyndymyzyň kapitany Nowruz Baýhanowyň «Aziýanyň çagalary» halkara ýaryşynda görkezen ýokary ussatlyk derejesi Halkara hokkeý federasiýasy tarapyndan bellenildi. Mälim bolşy ýaly, ýaşajyk hokkeýçi şu ýyl Ýužno-Sahalinsk şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçen «Aziýanyň çagalary» atly halkara gyşky sport oýunlaryna Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň kapitany bolup gatnaşdy.
Olimpiýa Hartiýasy tarapyndan kesgitlenen seçip alyş düzgünlerine laýyklykda türgen ýa-da tutuş topar resmi halkara ýaryşlarynda ýokary netije görkezip, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk berýän ýollanma eýe bolmaly.
Öňde duran Ýetginjekleriň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna täze görnüş bolan 3X3 hokkeý goşuldy. Bu görnüş toparlaýyn bäsleşik bolup, oňa gatnaşyp öz Milli Olimpiýa komitetlerine wekilçilik etmeli türgenler bije arkaly kesgitlenilýär. Şeýlelikde, Nowruzyň Ýetginjekleriň III Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy üçin Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetine çagyryş haty geldi. Ol Lozannada geçiriljek ýetginjekleriň Gyşky Olimpiýa oýunlarynda türkmen sportunyň abraýyny gorap çykyş eder.