Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda BMG-niň suw-energetika serişdelerini netijeli peýdalanmaga bagyşlanan okuw maslahaty geçirilýär

23:0917.12.2019
0
4325

Şu gün BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň wekilhanasynda suw-energetika serişdelerini netijeli peýdalanmak işinde täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ulanylmagyna bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady ― diýip, TDH habar berýär.

Maslahata Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň, GIZ, USAID guramalarynyň wekilleri gatnaşýar.

Maslahatda halkara bilermenleri hökmünde Beýik Britaniýadan, Kanadadan we Russiýa Federasiýasyndan bolan hünärmenler degişli ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesine synlary bilen çykyş etdiler.

Maslahat suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň sebit tejribesini alyşmagy ugur edinip, bilelikdäki özara bähbitli çözgütleriň kabul edilmegine, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ugurdaş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny innowasion ösüş ýoluna çykarmagy çaltlandyrmaga, içerki suw howdanlary, şeýle hem serhetüsti suw akymlary ulanmakda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam eder.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebitiň möhüm meseleleriniň, şol sanda suw serişdelerini dolandyrmak hem-de oýlanyşykly peýdalanmak bilen bagly derwaýys meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça anyk we netijeli çäreler görülýär.

Şeýle hem 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn geňeşmeleri geçiriler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň