Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen haly sungaty ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras sanawyna girizildi

23:0613.12.2019
0
17487
Türkmen haly sungaty ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras sanawyna girizildi
Haly

Türkmen haly sungaty ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni miras sanawyna girizildi. ÝUNESKO bu karara 12-nji dekabrda Kolumbiýanyň Bogota şäherinde geçirilen mejlisinde geldi.

Bu abraýly gurama tarapyndan berilýän habara görä, Maddy däl medeni mirasyň goragy boýunça hökümetara komitet Türkmenistanyň hödürlän gymmatlygyny doly goldady.

Türkmen haly sungaty, sözüň doly manysynda, baý taryha eýedir. Ol özüniň gymmatyny häzirki günlerde hem gorap gelýär. Haly bolsa taryhyň ähli döwürlerinde-de türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Mundan ozal küştdepdi tansy, Görogly ýordumy we Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras sanawyna girizilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň