Soňky habarlar

Arhiw

«Rönesans Holding» Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýär

17:2011.12.2019
0
747

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi ― diýip, TDH habar berýär.

Işewür öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Duşuşygyň çäklerinde milletiň Lideri we myhman özara bähbitlere esaslanýan hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Erman Ylyjak döwlet Baştutanyna dürli maksatly düzümleýin desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly kompaniýa ynanylan taslamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bellenilen ähli gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň we bellenilen möhletde ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň