Soňky habarlar

Arhiw

Didar Durdyýew Türkmenistanyň çempionaty ― 2019-yň iň netijeli hüjümçisi boldy

01:4011.12.2019
0
8098

«Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew Türkmenistanyň futbol çempionatynyň tamamlanan möwsüminde iň köp tapawutlanan futbolçy bolmagy başardy.

Çempionatyň «Köpetdag» bilen geçirilen (4:0) jemleýji duşuşygynda iki gezek tapawutlanan hüjümçi jemi 14 pökgi bilen möwsümde iň ýokary netijäni görkezdi. Ikinji orny bolsa «Altyn asyrdan» Altymyrat Annadurdyýew eýeledi. Ol möwsümde 12 gezek tapawutlandy. Ilkinji üçlügi 10 gol bilen «Altyn asyrdan» Myrat Annaýew jemledi.

Şeýlelikde, Didar Durdyýew karýerasynda ilkinji gezek Türkmenistanyň çempionatynyň iň netijeli hüjümçisi boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň