Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda mekdep okuwçylarynyň arasynda taslama bäsleşigi geçirildi

18:2609.12.2019
0
5933

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň welaýat baş bilim müdirligi bilen bilelikde guramagynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda taslama bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Welaýat medeniýet merkezinde guralan çärä bäsleşigiň şäher we etrap tapgyrlarynda birinji, ikinji we üçünji orunlary alan dokuzynjy, onunjy we on birinji synp okuwçylary gatnaşdylar.

Mekdep okuwçylarynyň ylym we tehnika bilen meşgullanmaga, ylmy barlag işleri alyp barmaga höwesini döretmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary goldamak maksady bilen geçirilen çärä oglanlaryň we gyzlaryň getiren taslamalary durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alypdyr. Olaryň seljermesi okuwçylaryň saýlap alan temalaryna çynlakaý çemeleşendiklerini görkezdi. Mysal üçin, baş baýraga mynasyp bolan Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň dokuzynjy synp okuwçysy Azim Gafurjanow bäsleşige «Innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen ýer titremesi hadysasy barada adamlara habar bermek hyzmaty» diýen temadaky taslamasyny hödürledi. Farap etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň on birinji synp okuwçysy Aziz Ikramowyň saýlan temasy hem aktuallygy bilen tapawutlanýar. «Gün energiýasyndan peýdalanmagyň netijeli usullary» diýen temada taýýarlan işi üçin emin agzalary oňa birinji orny berdiler. Saýat etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň dokuzynjy synp okuwçysy Allanur Artykmyradowyň taýýarlan taslamasy «Paskalyň kanuny boýunça işleýän gidrawliki ekskawator» diýlip atlandyrylypdyr. Ol ikinji orny eýeledi. Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdebiň onunjy synp okuwçysy Aýnabat Koçjyýewa bolsa «Kristallaryň ösüş tizligini öwrenmek» diýen temada ýazan işi üçin üçünji orna mynasyp boldy.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň