Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullugy açylar. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy dekabrda bu diplomatik edarany açmak baradaky Karara gol çekdi.
TDH-nyň resmi saýtynda doly görnüşinde getirilýän Karara döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ilata konsullyk işi boýunça netijeli hyzmat edilmegini üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda gol çekdi.