Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň harby-hukuk goraýjy ulgamynda ýolbaşçy wezipelerinde işlän I.Mulikow we M.Nobatow jenaýatçylykly hereketleri üçin tussag edildi

06:1204.12.2019
0
99220

2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde  Baş prokuror B.Atdaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de prokuratura edaralarynyň işi, şol sanda hasabat döwründe aýry-aýry döwlet düzümlerinde geçirilen barlaglar barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Baş prokuroryň hasabatynda beýan etmegine görä, ozalky içeri işler ministri I.Mulikowyň 2009-njy ýylyň 29-njy maýyndan 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabry aralygynda ministrligiň işlerine ýolbaşçylyk edip, wezipesi boýunça döwletimiziň eýeçiligini we bähbitlerini jenaýatçylykly kast etmelerden goramaga, jenaýatçylyga garşy göreşmäge borçly ýolbaşçy bolandygyna garamazdan, özüniň betnebislikli bähbitleri üçin wezipe ygtyýarlygyny hyýanatly peýdalanyp, aýratyn uly möçberdäki emläkleri para hökmünde alyp, jenaýatçylykly dilleşip, ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerine düýpli zyýan ýetirip, agyr netijelere getirmegine ýol berendigi bellenildi.

Şeýle hem I.Mulikow Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinde işlän döwri döwlet gullugynyň bähbitlerine garşy jenaýatçylykly hereketlerini dowam edip, birnäçe raýatlardan bölek-bölekden, aýratyn uly möçberdäki emläkleri para hökmünde alyp gelipdir.

Geçirilen derňewiň dowamynda I.Mulikow jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen azatlykdan mahrum edildi. Derňewiň dowamynda I.Mulikowyň bikanun edinen ýaşaýyş jaýlary we olaryň emläkleri, awtoulaglary, dürli görnüşli gymmat bahaly emläkleri gozgalmasyz edilip, döwletiň haýryna alyndy.

Soňra M.Nobatow barada habar berildi. Onuň Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinde işläp, jogapkärli ýagdaýy eýeleýän, wezipeli adam bolandygyna garamazdan, özüniň betnebislikli bähbitleri üçin gulluk ygtyýarlygyndan hyýanatly peýdalanyp, parahorluk ýaly agyr jenaýata baş goşandygy mälim edildi. Geçirilen deslapky derňew işleriniň netijesinde, M.Nobatow eden jenaýatçylykly hereketleri üçin tussag edildi.

M.Nobatow hususy telekeçilerden birnäçe gezekde aýratyn uly möçberde para alyp, jenaýat edip gelipdir. Onuň jenaýatçylykly hereketleri bilen gazanan ähli emläkleri, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, awtoulaglary we beýleki serişdeleri döwletiň haýryna geçirildi.

I.Mulikow we M.Nobatow özleriniň bet pygylly işlere baş goşandyklaryny, häzir bolsa özleriniň jenaýatçylyklary üçin toba edýändiklerini aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň