Türkmenistanlylaryň Türkiýedäki raýdaşlyk jemgyýeti futbol ýaryşyny geçirdi

19:1102.12.2019
0
1124

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanlylaryň Türkiýedäki raýdaşlyk jemgyýeti tarapyndan futbol ýaryşy geçirildi. Türkiýede işleýän we okaýan ildeşlerimiziň arasynda geçirilen ýaryşa 16 topar gatnaşdy.

«Atavatan-Turkmenistan» saýtynyň berýän habaryna görä, gatnaşyjy toparlar ilki dört toparçada ýaryşdylar. 180-den gowrak höwesjeň futbolçynyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryş soňra çärýek finallar bilen dowam etdi. Ýarym finallaryň netijesinde bolsa «Goşun» we «Saglyk» toparlary üçünji orun, «Dostluk» hem-de «Wodnik» toparlary bolsa arzyly kubok üçin göreşmäge hukuk gazandy.

Üçünji orun ugrundaky duşuşyk deňme-deňlik bilen tamamlandy. Şeýlelikde, bu ornuň eýesi üçin goýlan baýrak iki topara-da deň mukdarda paýlanyp berildi. «Dostluk» bilen «Wodnigiň» arasyndaky final duşuşygy bolsa 1;4 hasabynda tamamlandy. Şeýlelikde, «Wodnik» höwesjeň futbol topary Türkmenistanlylaryň Türkiýedäki raýdaşlyk jemgyýetiniň geçiren ilkinji sport ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

Ýeňijilere Kubok, medallar hem-de türk lirasy görnüşinde pul baýraklary berildi. Ýeňijileri sylaglamak dabarasyna Türkiýede ýaşaýan meşhur türkmen aýdymçysy Çynara hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň