Soňky habarlar

Arhiw

«Hujand» AFK-nyň kubogy ― 2020-ä gatnaşar

20:5924.11.2019
0
4685

2020-nji ýylyň täze futbol möwsüminde Täjigistanyň «Hujand» topary nobatdaky gezek AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşa goşulmaga hukuk gazandy diýip, toparyň resmi saýty habar berýär.

Habarda aýdylyşy ýaly, «Hujand» Täjigistanyň wise-çempiony bolmagy başardy. Topar yklym ýaryşyna saýlama tapgyrdan girişer. Ilkinji duşuşyklar Gyrgyzystanyň futbol kubogynyň eýesi «Nebitçi» bilen Türkmenistanyň kubogyna mynasyp bolan toparyň arasynda geçiriler. Bu jübütleriň ýeňijisi «Hujand» bilen duşuşar. Topar yklym ýaryşyndaky garşydaşyny 4-5-nji we 11-12-nji fewralda geçiriljek duşuşyklaryň netijesinde biler.

«Hujand» bilen garşydaşynyň arasyndaky ilkinji duşuşyk 18-19-njy fewralda, jogap duşuşygy bolsa 25-26-njy fewralda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň