Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Naim Süleýmanoglunyň hatyrasyna geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler

23:3821.11.2019
0
7480

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Türkiýäniň Gaiantep şäherinde Olimpiýa oýunlarynyň üç, dünýäniň ýedi gezek çempiony, 46 dünýä rekordynyň eýesi Naim Süleýmanoglunyň hatyrasyna geçirilen halkara bäsleşikde diýseň üstünlikli çykyş etdiler. Biziň ildeşlerimiz bu ýaryşda medallaryň jemi 13-sini gazandylar.

Olimpiýa oýunlary ― 2020-niň saýlama tapgyrynyň çäginde geçirilen bu ýaryşda gazanylan üstünlikler biziň ildeşlerimiziň dünýäniň iň uly sport baýramçylygyna gatnaşmaga bolan mümkinçiligini has-da artdyrdy.

Agzalan ýaryşda biziň ýygyndymyzdan iň ýokary netijäni Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Kristina Şermetowa gazandy. 55 kilograma çenli agram derjesinde ýaryşan türgen gyz iki görnüşiň jemi boýunça 200 kilogramlyk netije bilen hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Onuň silkmekde we itekläp göretmekde görkezen aýry-aýry netijelerini hem (87 we 113 kilogram) hiç bir bäsdeşi gaýtalap bilmedi.

61 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ldeşimiz Seýitjan Mirzaýew ýaryşy kümüş medal bilen tamamlady. Dänew şäherindäki 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi iki görnüşiň jemi boýunça 265, şol sanda silkmekde 122, itekläp götermekde 143 kilogram agyrlygy göterdi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutnyň 5-nji ýyl talyby Gülnabat Kadyrowa hem 76 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyp, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Kümüş medala uzaýan ýolda ol ştandanyň silkip götermekde 98, iteklemekde 120, iki görnüşiň jemi boýunça 218 kilogram netije görkezdi.

Ýaryşyň jemleýji gününde 87 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Mary şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Aýsoltan Toýçyýewa itekläp götermekdäki 116 kilogramlyk netijesi bilen «kiçi» bürünç medaly gazandy.

Onuň dogany, Mary şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi Hojamuhammet Toýçyýew bolsa 109 kilogramdan ýokary agramlykdaky türgenleriň arasynda ýaryşyp, bir kümüş, iki bürünç medal gazandy. Silkip götermekde 176 kilogramlyk netije bilen kümüş medal gazanan ildeşimiz, iteklemekde 227 kilogram agyrlyga erk edip, bürünç medalyň eýesi boldy. Iki görnüşiň jemi boýunça onuň gazanan netijesi (403 kilogram) ýene bir bürünç medaly gazanmaga mümkinçilik berdi.

Häzir Türkmenistanyň milli ýygyndysynda erkek agyr atletikaçylaryň 5-sinde we zenanlaryň 4-sinde Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçilik bar. Erkeklerden Rejepbaý Rejebow (81 kilograma çenli), Seýitjan Mirzaýew (61 kilograma çenli), Maksat Meredow (73 kilograma çenli), Öwez Öwezow (109 kilograma çenli) we Hojamuhammet Toýçyýew (109 kilogramdan ýokary), zenanlarda bolsa Ýulduz Jumabaýewa (49 kilograma çenli), Kristina Şermetowa (55 kilograma çenli), Gülnabat Kadyrowa (76 kilograma çenli) we Aýsoltan Toýçyýewa (87 kilograma çenli) şeýle hukuga eýe boldular.

Ýöne Olimpiýa oýunlaryna Agyr atletika boýunça her bir milli federasiýasadan 4 erkek we 4 zenan türgeniň gatnaşmagyna rugsat berilýär.

Türkmenistanly agyr atletikaçylara dekabr aýynda ýene bir uly synag garaşýar. Hytaýda geçiriljek dünýä kubogy ugrundaky bu ýaryş biziň türgenlerimiziň Olimpiýa oýunlary ― 2020-ä gatnaşmak mümkinçiligini artdyrmakda nobatdaky ädim bolar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň