Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işleriň netijesiniň pese düşýändigini belledi

18:2420.11.2019
0
1198

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda nebitgaz toplumynyň işini has-da  kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany berlen hasabatlaryň netijelerini jemläp,    nebitgaz toplumynda, esasan hem nebit we gaz çykarmakda, onuň senagat gorlaryny artdyrmakda soňky ýyllarda alnyp barylýan işleriň netijesiniň pese düşýändigini, ýyllyk meýilnamalaýyn borçnamalaryň yzygiderli ýerine ýetirilmän gelýändigini belledi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanynynyň nygtaýşy ýaly, pudaklarda sanly ulgama geçmek işleri hem haýal alnyp barylýar. Nebit önümlerini çykarmak we halkara bazarlaryna ibermek boýunça önümçilik tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde kemçilikler bar. Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2019-njy ýyl üçin meýilnamasy boýunça borçnamalary berjaý etmekde hem kemçiliklere ýol berilýär.

Mysal üçin, «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça şu ýylyň on aýynda meýilnama 88,7 göterim ýerine ýetirildi. Meýilnamanyň ýerine ýetirilmeýändiginiň esasy sebäbi buraw işleriniň, guýulary düýpli abatlamak boýunça işleriň pes depginde alnyp barylýandygy bilen baglydyr.

Şonuň ýaly-da, Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmäge daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça işler talabalaýyk alnyp barylmaýar. Nebit guýularynyň hereketsiz duran  gorlarynda hyzmat ediş işleri ýeterlik geçirilmeýär. Işlenip geçilýän köne ýataklarda nebitiň çykarylyşyny we önümli gatlaklaryň nebit berşini ýokarlandyrmakda öňdebaryjy täze tehnologiýalar netijeli ulanylmaýar.

«Nebitdag» şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyga laýyklykda potratça düşýän nebitiň paýy öz wagtynda berilmedi. Şonuň netijesinde, Ylalaşygyň şertlerine laýyklykda, taraplaryň paýlaryny  laýyk getirmek göz öňünde tutulanda, «Türkmennebit» döwlet konserni    tarapyndan «ENI» kompaniýasyna 18 müň tonna möçberde nebit paýy berilmedi. Russiýanyň «Tatneft» we Singapuryň «Ýugneftegaz» kompaniýalary bilen hyzmat etmek boýunça şertnamalaryň mümkinçilikleri doly möçberde ulanylmaýar.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti  «Türkmengaz» döwlet konserniniň işlerini seljerip, 2019-njy ýylyň 10 aýynda tebigy gazy çykarmak boýunça meýilnamanyň 94,6 göterim, kondensat çykarmak boýunça 90,7 göterim we suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça hem 98,5 göterim ýerine ýetirilendigini belledi.

Bulardan başga-da, polietilen öndürilişi 21,2 göterim, polipropilen öndürilişi  23,8 göterim we «ECO-93» kysymly benzin öndürilişi 27 göterim berjaý edildi. 2019-njy ýylyň 10 aýynda tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 94,5 göterim ýerine ýetirildi. Bagajadaky zawodda suwuklandyrylan gazyň öndürilişi bolsa, bu kärhananyň önümçilik kuwwatyna laýyk gelmeýär.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy boýunça geologiýa -gözleg işlerini geçirmekde şu ýyl üçin meýilnama 85,9 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň günbatarynda geologiýa-gözleg işlerini geçirmegiň hasabyna   nebitiň gorlaryny artdyrmagyň ýeterlik möçberleri üpjün edilmeýär. Täze nebit ýataklary açylmaýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy boýunça benziniň, kerosiniň, dizel ýangyjynyň, suwuklandyrylan gazyň we mazutyň öndürilişi artdyrylmaýar. 2018-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende,  benziniň öndürilişi 89,8 göterim, kerosiniň öndürilişi 83,8 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişi 91,8 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 82,5 göterim we mazutyň öndürilişi hem 93,7 göterim möçberde boldy.

Nebit önümlerini ýurdumyzyň içerki bazarynda ýerlemekde hem kemçiliklere ýol berildi. Zawodda öndürilen polipropilen örtügini içerki we halkara bazarlaryna ibermegiň ýeterlik depgini üpjün edilmeýär. Daşary ýurt pulunda gelýän girdejiler 2 % azaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň