Soňky habarlar

Arhiw

Migrasiýa boýunça halkara guramanyň sebitleýin utgaşdyryjysy Aşgabatda duşuşyk geçirdi

10:0219.11.2019
0
307
Migrasiýa boýunça halkara guramanyň sebitleýin utgaşdyryjysy Aşgabatda duşuşyk  geçirdi

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Migrasiýa boýunça halkara guramanyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Hajiýew bilen duşuşyk geçirildi.   

Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiriniň ýazmagyna görä, gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda bilelikdäki meýilnamalaryň amala aşyrylyşy we 2020-nji ýyl üçin maksatnamalaryň işlenip düzülişi barada pikir alyşdylar. Şular ýaly halkara ýagdaýlaryň we garşylyklaryň bolýan döwründe, migrasiýa boýunça umumyadamzat meseleleri çözmek, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlarda migrantlara ýardam bermek, şeýle-de adam söwdasynyň öňüni almak maksatly hereketleriň utgaşdyrylmagynyň zerurdygy barada bellenip geçildi. Şeýle hem halkara derejedäki, şol sanda howpsuz, düzgünleşdirilen we kanuny migrasiýa barada Global şertnama babatdaky gatnaşyklaryň netijeliligi bellenildi.       

Taraplar migrantlara we raýatlygy bolmadyk adamlara goldaw babatdaky Türkmenistanyň wajyp başlangyçlary hakynda gürrüň etdiler. Halkara bilermenleriň gatnaşmagynda ýörite okuw sapaklarynyň we okuw maslahatlarynyň geçirilmeginiň möhümdigi barada bellenip geçildi. Taraplar migrasiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygyň geljekde ösdürilmegine umyt bildirdiler.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň