Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ― Italiýa: belent tutumlaryň başlangyjynda

09:3714.11.2019
0
895

Ýakynda Milan şäherinde geçirilen türkmen-italýan işewürlik maslahatynda gelnen ylalaşyklar türkmen metbugatynda häzirki günlerde hem öz beýanyny tapýar. Bu saparyň jemlerine bagyşlanyp, «Türkmenistan» gazetinde çap edilen uly göwrümli makalada bu maslahatda gelnen käbir anyk ylalaşyklar barada gürrüň edilýär. Şol ylalaşyklaryň käbiri şulardan ybaratdyr:

― Iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlary ýola goýlar.

― Türkmenistanyň dokma toplumynyň täze guruljak düýe we geçi ýü­ňüni gaýtadan işlemek boýunça kärhanasyna, “Türkmensenagat” agentliginiň daşky seslerden goraýjy hem-de ýylylygy saklaýjy serişdeleri öndürýän kärhanasyna, ýylda 2 müň tonna demir önümlerini öndürmäge niýetlenen dag-metallurgiýa toplumyna döwrebap italýan tehnologiýalary ornaşdyrylar.

― Ahal welaýatynyň Kelete obasynda kuwwaty ýylda 300 müň tonna demir önümlerini öndürmäge deň bolan önümçilik toplumy hut italýan tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynda bina ediler. Italýan hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýurdumyzda täze demir-beton şpallary, pürsleri we önümleri öndürýän zawod gurlar.

― Türkmenistanyň degişli bilim ojaklary Italýan diplomatik akademiýasy, Turiniň politehniki uniwersiteti, Milanyň politehniki uniwersiteti bilen göni gatnaşyklary saklarlar.

― Türkmen hususyýetçileri dürli ugurlarda bilelikde iş alyp bararlar, bilelikdäki kärhanalary dörederler...

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň