Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan ― rowaçlygyň Watany» döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

18:0112.11.2019
0
5006

Şu gün Aşgabatdaky «Milli söwda merkeziniň» («MSM»)  dabaralar zalynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynyň we «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň bilelikde geçiren döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi.

Bäsleşige ylmy-populýar makalalar, suratlar we goşgular kabul edildi. Bäsleşigiň guramaçylarynyň aýtmagyna görä, oňa dürli pudaklarda zähmet çekýän hünärmenlerden 200 çemesi iş kabul edildi. Eminler iň gowy 9 işi bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan etdiler. Şeýlelikde,

Üçünji orna mynasyp bolanlar:

Ýuliýa Işanowa ― «Türkmengaz» döwlet konserniniň ylmy-tehniki institutynyň wekili;

Akmaral Japarowa ― HNGU-nyň uly mugallymy;

Çarymyrat Ussaýew ― TDY we DI-niň uly mugallymy.

Ikinji orna mynasyp bolanlar:

Kakageldi Hümmäýew ― Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy arakademiýasynyň prorektory;

Myratnyýaz Nurmämmedow ― Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar boýunça döwlet toparynyň nebit we gaz bölüminiň müdiri;

Hojanepes Ýowjanow ― HNGU-nyň professory, tehnika ylymlarynyň doktory.

Birinji orna mynasyp bolanlar:

Abdyrahym Begjanow ― «Türkmennebit» döwlet konserniniň ykdysadyýet we maliýe bölüminiň müdiri;

Oraznazar Heşdekow ― «Nebit-gaz» gazetiniň bölüm redaktory;

Seýitmämmet Seýidow ― TDBGI-niň uly mugallymy.

Ýeňijiler Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Dabara aýdym-sazly konsert bilen dowam etdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň