Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 24-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda «Aşgabat» «Şagadamy» kabul etdi. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.
Birinji ýarymy sessiz geçen duşuşykdaky pökgüleriň ikisi hem ikinji ýarymda geçirildi. 62-nji minutda «Şagadamdan» Baýramgeldi Nurlyýew hasaby açdy. Ýöne «Aşgabat» hasaby çalt deňledi. Güýçmyrat Annagulyýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly paýtagtyň adybir toparyna deňligi getirdi. Şeýlelikde, kenarlylaryň 5 oýunlyk ýeňiş tapgyry tamam boldy.
Duşuşykdan soňra Türkmenbaşy şäheriniň topary utugyny 48-e çykaryp, ikinji orunda galdy. Altynjy orundaky «Aşgabatda» bolsa 22 utuk bar. Ýaryşyň lideri «Altyn asyr» indi ikinji orundaky garşydaşy blen aralygy 6 utuga çykardy. «Aragatnaşykçylaryň» ätiýaçda hem bir duşuşygynyň bardygyny aýtmak gerek.
“Aşgabat” – “Şagadam” – 1:1
Gollar: Güýçmyrat Annagulyýew 71 (11 m.j.u.) ― Baýramgeldi Nurlyýew 62 (11 m.j.u.).
Duýduryşlar: 82 Döwran Berdiýew (“Aşgabat”) – 70 Ata Geldiýew (“Şagadam”)
Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)
Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Tomaşaçy sany: 100