Arhiw

Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2019: «Altyn asyr» bilen «Ahal» finala bir ädim ýakyn

23:5102.11.2019
0
3208
Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2019: «Altyn asyr» bilen «Ahal» finala bir ädim ýakyn

Şu gün paýtagtymyzdaky «Aşgabat» we «Köpetdag» stadionlarynda futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Olarda «Altyn asyr» «Aşgabady», «Köpetdag» bolsa «Ahaly» kabul etdi.

Taryhyndan bäş gezek kubok ýaryşynyň finalyna çykyp, şolaryň üçüsinde arzyly kubogyň eýesi bolan «Altyn asyr» altynjy finalyna hem bir ädim ýakynlaşdy. Paýtagtyň adybir topary bilen geçirilen duşuşykda «aragatnaşykçylaryň» 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşygyň heniz 7-nji minudynda Selim Nurmyradow «Altyn asyry» hasapda öňe çykardy. «Aşgabat» 37-nji minutda Wekil Kadyrowyň dürs urgusy bilen hasaby deňlän bolsa, bu deňlik bary-ýogy 7 minut dowam etdi. 44-nji minutda «Altyn asyryň» merkezi goragçysy Mekan Saparow hasaby 2:1-e çykardy. Duşuşygyň birinji ýarymy hut şu hasap bilen hem tamamlandy.

Ikinji ýarym ýene-de ýer eýeleriniň ýiti hüjümlerine baý boldy. Şolaryň biri duşuşygyň 68-nji minudynda netije berdi. Şol minutda Selim Nurmyradow özüniň ikinji, toparynyň bolsa üçünji pökgüsini «Aşgabadyň» derwezesinden geçirdi. Duşuşyk Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen hem tamamlandy.

Ýarym finalyň beýleki bir duşuşygynda «Ahal» myhmançylykda oýnaýandygyna garamazdan, «Köpetdagyň» derwezesinden jogapsyz pökgüleriň ikisini geçirdi. Birinji ýarymynda hasap açylmadyk duşuşygyň 61-nji minudynda Yhlas Saparmämmedow, 77-nji minudynda bolsa Pirmyrat Sultanow tapawutlanyp, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Koçumowyň şägirtleriniň finala bir ädim ýakynlaşmagyna ýol açdylar.

Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň jogap duşuşyklary 3-4-nji dekabrda geçiriler.

Futbol maglumatlaryny ýygnamagy halaýanlar üçin duşuşyklaryň protokol maglumatlaryny ýerleşdirýäris.

02.11.2019 ý.

Aşgabat. «Aşgabat» stadiony. 300 tomaşaçy

«Altyn Asyr» ― «Aşgabat» – 3:1

Gollar: Selim Nurmyradow 7, 68, Mekan Saparow 44 ― Wekil Kadyrow 37.

Duýduryşlar: Begenç Akmämmedow 41, Serdar Geldiýew 53 ― Wekil Kadyrow 14.

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

 

Aşgabat. «Köpetdag» stadiony. 500 tomaşaçy 

 «Köpetdag» ― «Ahal» – 0:2

Gollar: Yhlas Saparmämmedow 61, Pirmyrat Sultanow 77.

Duýduryşlar: Serdarmyrat Baýramow 44, Resul Mahmudow 85 ― Yhlas Saparmämmedow 3.

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň